“Ýowşan” Hojalyk jemgyýeti

Biziň maksadymyz:

Adamyň saglygyny goramaga ýardam etmek!

Biziň gymmatlyklarymyz:

  • Adam – biziň iň uly baýlygymyz. Müşderiniň, hyzmatdaşyň, kärdeşiň biz barada pikiri biz üçin örän wajypdyr.
  • Ýokary hünär derejesi we wezipä mynasyplygy. Biz size hyzmat etjek işgärlerimiziň ýörite biliminiň bolmagy we olaryň eýeleýän wezipesine mynasyp bolmagy üçin alada edýäris.
  • Kämillige ymtylmak we täzeligi girizmek. Kämilligiň çägi ýok. Hut şonuň üçin “Ýowşan” Hojalyk jemgyýeti öz işine kritiki nazar bilen seredip ony yzygiderli kämilleşdirmegiň aladasyny edýär. “Ýowşan” Hojalyk jemgyýeti dermançylyk işini gurnamak boyunça dünýä täzeliklerini öwrenýär we olary öz işinde ulanmak boýunça çäreleri geçirýär.
  • Dogruçyllyk we ynam. Biziň her bir işimiziň gönezliginde ýatyr.
  • Aýratyn we döredijilikli çemeleşme. Islendik meseläni çözemmizde biz hyzmatdaşymyza aýratyn üns berýäris we onuň isleglerini göz öňünde tutýarys.

Ynha eýýäm 20 ýyl bäri “Yowşan” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri bize ynam bildirýän adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin zähmet çekýärler.

Saglyk – by adamyň iň esasy baýlygy bolup, ony goramak häzirki döwüriň şertlerinde örän wajyp  mesele bolup durýar. Hut şonuň üçinem HJ “Ýowşan” ylmy täzelikleri we global resurslary ulanyp adamyň durmuşynyň her bir döwründe olaryň saglygyny goramaga öz mümkinçiliklerini gönükdirýär. Biz özümiziň hödürleýän her bir önümimiziň iňňän ýokary hil we howpsyzlyk talaplaryna laýyk gelmegini gazanmaga ymtylýarys.

Biziň jemgyýetimiziň hödürleýän önümlerimiziň köp bölegini dünýä belli kompaniýalaryň öndürýän derman serişdeleri tutýar. Şeýle kompaniýalara Germaniýanyň Pharmagarant GmbH kompaniýasynyň wekilçilik etýän Merz Pharma GmbH & Co KgaA (Germaniýa), Dentinox Gesellschaft für Pharmazeutische Präparate Lenk & Schuppan KG (Germaniýa), B Braun (Germaniýa), Medochemie (Kipr), Dr. Kade (Germaniýa) ýaly kompaniýalaryndan başga-da Ursapharm Artzneimittel GmbH (Germaniýa), Jadran Galenski laboratory (Horwatiýa), Sanochemia Pharmazeutika AG (Awstriýa), Cho-A Pharm Ltd (Koreýa) ýaly kompaniýalar degişlidir.

“Ýowşan” kompaniýasynyň düzüminde birnäçe bölümler işleýär:

Bölek söwda bölümi – Bu bölümiň düzümine Aşgabat şäherinde ýerleşýän dermanhana we derman serişdelerini eltip bermek gullugy girýär.

Lomaý söwda bölümi – Bu bölüm ýurdumyzyň beýleki dermanhanalaryny biziň hyzmatdaşlarymyzyň öndüren ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen döredildi.

Logistika gullugy – Bu bölümde biziň kompaniýamyzyň  wezipelerini abraý bilen berjaý etmek üçin zerur bolan ýeňil we ýük awtoulaglary jemlenendir. Derman serişdelerini daşamak üçin ulanýan awtoulaglarymyz sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilendir.

Marketing we reklama bölümi

Derman serişdelerini hasaba alyşy gurnaýyş bölümi

 

HABARLAŞMAK ÜÇIN

DERMANHANA:
Telefon +993 (12) 93 03 03
Faks +993 (12) 36 60 38
E-mail dermanhana@yovshan.com
Salgy ş. Aşgabat, Magtymguly şaýoly, 112
Direktor +993 (12) 97 32 53
Buhgalteriýa +993 (12) 97 32 54
Ammar +993 (12) 97 32 57

ELTIP BERMEK HYZMATY:
Telefon +993 (12) 95 03 03 / 97 32 55
SMS / IMO +993 (62) 62 03 08

OFIS:
Telefon +993 (12) 97 32 60
E-mail info@yovshan.com

MARKETING BÖLÜMI:
Telefon +993 (12) 97 32 56
E-mail market@yovshan.com

DAŞARY YKDYSADY GATNAŞYKLAR BÖLÜMI:
E-mail wes@yovshan.com

Hyzmatdaşlar

Dr.Kade
ESPARMA
IPSEN
B.Braun
Jadran
Dentinox
Besins healthcare
Medochemie